Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak we iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy.
Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat Aziýanyň “merjen şäheri” diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy we paýhasly baştutanlygy esasynda paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlara has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şeýle hem şu gün bellenilýän goşa baýramyň hormatyna Aşgabadyň ýollaryna “Hyundai All New Super Aero Сity” kysymly täze awtobuslaryň köp sanlysy we “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksileriň hem köp sanlysy çykdy. Şu gün şäherara ugurlar boýunça gatnawy ýerine ýetirýän ähli awtobuslar ýolagçylara mugt hyzmat edýär. Munuň özi paýtagtymyzyň ilaty we onuň myhmanlary üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
Aşgabat ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, aşgabatlylar halkara ölçeglere kybap gelýän amatlyklar we oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda etraplar tutuşlygyna döwrebaplaşdyryldy. Täze iri ýaşaýyş toplumlary kemala geldi we durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy.
Hormatly Prezidentimiz iri, ähmiýetli gurluşyk taslamalaryny öňe sürmek bilen, olaryň durmuşa geçirilişiniň ähli tapgyrlaryny hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özboluşly çözgütleriň durmuşa geçirilmegine, täzeçil, şol sanda sanly tehnologiýalaryň, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Bu usullar ösýän we öz çägini giňeldýän Aşgabatda giňden ulanylýar.
Şu gün bolsa milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan ägirt uly, täzeçil mega-taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berilýär. Bu taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapar. “Aşgabat-sitiniň” gurluşygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Ir säher bilen şäheriň demirgazyk künjeginde bina ediljek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, paýtagtymyzyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.
Hemmeler uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşyladylar.
Şanly waka mynasybetli sungat ussatlary baýramçylyga mahsus döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Olaryň aýdym-sazly çykyşlarynda, joşgunly tanslarynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen mähriban Watanymyzyň, ak mermerli paýtagtymyzyň, agzybir halkymyzyň bitirýän işleriniň we Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň waspy ýetirildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde oturdylan “Türkmeniň ak öýi” binasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen hemmeleri, watandaşlarymyzy her bir türkmenistanlynyň buýsanjyna we göz-guwanjyna öwrülen ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň güni, şeýle-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gutlap, onuň uly dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy. 2013-nji ýylda döredilen bu baýram her ýyl täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär.
Her bir şanly senä gabatlap, berkarar döwletimizde dürli maksatly täze desgalary we binalary dabaraly ýagdaýda açyp, ulanmaga bermek hem-de Garaşsyzlyk eýýamynyň ruhuna laýyk gelýän döwrebap gurluşyklaryň, şol sanda obalaryňdyr şäherçeleriň, tutuş şäherleriň düýbüni tutmak we gurmak Türkmenistanda asylly däbe öwrüldi.
Biz şu gün hem paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde guruljak ajaýyp binalar we desgalar toplumynyň binýadyny goýýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer.
Bu ýerde etrap häkimliginiňdir beýleki edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köp sanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.
Şeýle hem bu ýerde Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, iki sany Saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, toý mekanyny, köp gatly awtoduralgalaryň dördüsini, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Täze dörediljek şäherde biziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alnyp, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berler. Bu ýerde kaşaň, şol sanda has belent, ýagny 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bu ýaşaýyş toplumynyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşinde bolar. Ol demirden gurnalan ak öý şekili bilen halkymyzyň myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler.
Bulardan başga-da, çagalar döredijilik merkeziniň, seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyna degişli binalaryňdyr inžener-kommunikasiýa ulgamlarynyň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, ýakyn ýyllarda bu ýerde «Aşgabat-siti» diýlip atlandyrylýan tutuş döwrebap şäher peýda bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ak mermerli Aşgabat diňe bir owadan we ýaşamak üçin has oňaýly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwrebap megapolis hem bolmalydyr. Munuň özi onuň ähli durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz işlemeginde hem-de daşky keşbinde öz beýanyny tapmalydyr. Bu işleri amala aşyrmaga ýaş, döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenleri, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny işjeň çekmek zerurdyr.
Ýurdumyzda şähergurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin kämil bilim ulgamy döredildi. Şu mümkinçiligi giňden ulanyp hem-de ösdürip, ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň, inženerleriň döredijilik başlangyçlaryny, täzeçil tekliplerini yzygiderli höweslendirip durmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Paýtagtymyzyň täze desgalary, ýaşaýyş jaý we beýleki binagärlik toplumlary şäheriň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşykly bolmalydyr. Sebäbi bu ýerde döwrebap, okgunly ösýän, açyk hem-de köpöwüşginli täze şäher gurulýar. Şoňa görä-de, bu ýerde ýokary derejedäki arassaçylygy we tertip-düzgüni berjaý etmek zerurdyr, raýatlarymyzyň durmuş amatlyklarynyň hözirini görüp, asuda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilmelidir.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň ekologiýasy, ony bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawyň täsirini gowulandyrmagyň has kämil gurallaryny we usullaryny, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, serişdeleri hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Häzirki döwürde bu meseleler tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar.
Biziň göz-guwanjymyz, Aziýanyň «merjen şäheri» Aşgabat dünýäde iň owadan we arassa, ýaşamak üçin has oňaýly şäher bolmalydyr. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler hem-de serişdeler ýeterlik bar. Döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan döwlet hemmetaraplaýyn gurpludyr.
Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde hem amala aşyrylýan düýpli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümini döretmäge köp maýa goýum serişdeleri goýberilýär. Şol düzüm bolsa raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, dynç almagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Garaşsyz ýurdumyzyň dürli künjeklerinde peýda bolýan täze obalaryň, etraplaryňdyr şäherleriň, welaýat merkezleriniň döwrebap ýagdaýa getirilýän keşbi biziň amala aşyrýan giň gerimli başlangyçlarymyzyň ajaýyp miwesidir. Yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän bu täze desgalar bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda durmuş syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň, her bir maşgalanyň we raýatyň abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň nyşanydyr.
Ak mermerli paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň uzak möhletli netijesi onuň has rowaçlanýan, ýokary derejede ösen, kuwwatly döwletiň paýtagty hökmündäki derejesine doly laýyk gelmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze şäheriň gurluşygyna başlamazdan ozal, biz köp sanly taýýarlyk işlerini alyp barmalydyrys. Ylymlar akademiýasynyň alymlary seýsmik ýagdaýy düýpli seljerip, bu ýerde näçe gatly jaýlary gurup boljakdygyny anyklamalydyr. Çyzgyçylar gurluşygyň alnyp baryljak ýerlerini karta geçirmelidir.
Şeýle hem bu giň gerimli işlere ýolbaşçylyk etjek gurluşyk kärhanasyny döredip, ony ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmeli. Mundan başga-da, gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň taslamasyny düzüp, olar üçin gurluşyk serişdeleri bolan sement, agaç-tagta, demir we beýleki zerur önümleri, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýran häzirki döwründe nireden almalydygyny anyklamaly. Olaryň özümizde öndürilmeýän görnüşlerini daşary ýurtlardan nädip getirmelidigini kesgitlemeli.
Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň täze guruljak şäheriň ilatyny, baglary, suw çüwdürimlerini suw bilen üpjün etmegiň çeşmesini anyklamalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, şu gün gurluşygy birnäçe ýyla çekjek uly şäheriň düýbi tutulýar. Şoňa görä-de, ýokarda sanalyp geçilenlerden başga-da, köp meseleleri çözmeli. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýipdirler. Nesip bolsa, ýene-de birnäçe ýyldan biz gözel Köpetdag bilen uç-gyraksyz Garagum sährasynyň sepleşýän ýerinde ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan dünýä derejeli lowurdap duran ajaýyp şäheriň gurluşygyna şaýat bolarys.
Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda gözel paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde düýbi tutulýan bu şäher güneşli Diýarymyzyň günsaýyn depginli ösýändigini görkezýär, Garaşsyz ýurdumyzyň kuwwatly döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär.
Men berkarar döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe gidip, täze belentliklere ýetýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljek bu ajaýyp şäheriň bagtyýar nesillerimize hyzmat etjekdigine berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda hemmeleri döwlet derejesinde bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de täze şäheriň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de çärä gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiziň çykyşy tamamlanandan soň, bu ýerde “Aşgabat-sitiniň” taslamasy, umuman, bu ýerde guruljak desgalar, binagärlik toplumlary we ugurdaş düzümler barada giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.
Taslama laýyklykda, bu ýerde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, durmuş düzümine degişli beýleki desgalar, edara binalary, stadionlar, täze şäheriň çar künjüne uzaýan döwrebap ýollar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, köp gatly awtoduralgalar bolar. Bellenilişi ýaly, binalaryň üpjünçiliginde, şäher hojalygynyň dolandyryş düzüminde täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň ulanylar.
Şeýle hem bu ýerde “akylly» öýleriň, “akylly» duralgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berler. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.
Ýakyn geljekde paýtagtymyzyň şu ýerinde “şäher içindäki şäher” taslamasy amala aşyrylyp, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş toplumy emele geler. Desgalaryň hemmesi özboluşly bezeg aýratynlyklary, gurluşy, binagärlik çözgütleri bilen tapawutlanar. Şolaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde dünýäniň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleri utgaşdyrylar.
Paýtagtymyzyň ilatynyň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, “Aşgabat-siti” şäheriň geljekki ösüşine, uzak geljegi nazarlaýan durmuş-ykdysady ösüş üçin amatly gurşawyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu taslamanyň durmuş ulgamyny nazarlaýandygyny bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda bu ýerde nusgawy şäher gurşawy kemala geler we binalarda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän mümkinçilikler dörediler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze toplum ak mermerli Aşgabat, onuň desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, bezeg babatda bolşy ýaly, ýokary hil, gözellik, ekologiýa nukdaýnazaryndan häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir. Desgalaryň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşygy esasy talap bolup durýar. Şeýle hem bu ýerde dörediljek gök zolaklar, seýilgähler şäher gurşawy we onuň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşmalydyr.
Soňra körpe nesilleriň wekilleri bolan oglanjyk we gyzjagaz döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, ajaýyp goşgy setirlerini okadylar we hormatly Prezidentimizden şu günki şanly waka mynasybetli geljek nesillere niýetlenen ýadygärlik ýazgy ýazmagyny haýyş etdiler. Döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazga gol çekip, ony ýörite guta ýerleşdirdi.
Asylly däbe görä, milli Liderimiz gutyny täze gurluşygyň binýadyna atyp, ýaşaýyş toplumynyň gurluşygynyň ilkinji betonyny atdy. Şol pursatda dürli reňkdäki howa şarlary asmana uçuryldy.
Hormatly ýaşulular we beýleki dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerdiler.
Soňra Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow körpe nesilleriň we hormatly ýaşulularyň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, egindeşleri bilen paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda şanly sene mynasybetli açylýan 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriçi ugurlary boýunça hereket edýän täze awtobuslaryň köp sanlysy ýollara çykdylar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça awtobuslar baýramçylyk gününde ýolagçylary mugt gatnadýarlar.
Ýolugra hormatly Prezidentimiz bu ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny we paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginiň tebigy aýratynlyklaryny synlady.
Säher bilen bu ýerde hemmeler üçin şatlykly ýagdaý emele geldi. Ýurdumyzda jaý toýlarynyň jemgyýetimiz üçin ähmiýetli şanly seneler bilen utgaşdyrylmagy asylly däbe öwrüldi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Demirgazyk künjekde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri şol dabaralaryň özboluşly dowamyna öwrüldi.
Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Watanymyzy, şöhratly taryhymyzy we şu günki bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän goşgy setirleri, joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Şeýle hem bu ýerde taryhy ähmiýetli waka mynasybetli we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna ajaýyp edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy. Onuň dowamynda Aşgabat şäheriniň taryhyny, onuň durmuş aýratynlygyny giňişleýin beýan edýän görnüşler has-da täsirli boldy. Munuň özi döwürleriň we nesilleriň özboluşly arabaglanyşygyny alamatlandyrýan şatlykly pursatlara beslendi.
Milli Liderimiz çykyşlara tomaşa edip, bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze ýaşaýyş toplumynyň toý bagyny kesdi. Onuň ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň ilaty üçin Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň şanly senesi mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Bu ýerde birbada 140 jaýyň ulanylmaga berilmegi paýtagtymyzyň şanly ýubileýini alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň çägine girdi. Köçeleriň ugrunda aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň, sungat ussatlarynyň çykyşlary biri-biriniň üstüni ýetirdi. Bu bolsa türkmen halkyna mahsus myhmansöýerlik däplerine laýyk gelýän we türkmen toýlaryny alamatlandyrýan çykyşlara öwrüldi.
Täze ýaşaýyş toplumy paýtagtymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijesidir. Munuň özi şäher ilatynyň döwrebap we elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi ugrunda ýaýbaňlandyrylan işleriň miwesidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şäherde bar bolan ýaşaýyş jaýlaryny döwrebaplaşdyrmak, belent ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, pes gatly, kottej görnüşli we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýändigini aňladýar. Şeýle hem bu çözgüt şäher ilatynyň islegine görä, ýaşaýyş jaýlaryny saýlamaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ýokary hil derejesi üpjün edilýär we ilatyň islegleri nazarda tutulýar.
Milli Liderimiz gurlan binalaryň gurluşyny, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki binalarda adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, oňaýly ýaşaýşy we dynç alşy üçin oňyn şertler üpjün edildi. Binalaryň gurluşygynda ähli ugurlar, şol sanda jaýlaryň bezeg aýratynlyklarynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegi ýola goýuldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we sebitlerde gurulýan desgalaryň hil derejesine bellenilen möhletde tamamlanmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Öý eýesiniň belleýşi ýaly, onuň özi lukman, maşgalasy hem saglygy goraýyş ulgamynda işleýär. Öý eýeleri halkymyzyň abadan durmuşy barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň netijesinde ildeşlerimiziň köpüsi ähli amatlyklary özünde jemleýän jaýlara göçüp gelmek bagtyna eýe boldy. Bu ýerde döredilen şertler döwrüň hil we amatlylyk talaplaryna doly gabat gelýär.
Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan jaýlaryň otaglarynda, aşhanalarynda we beýleki desgalarynda zerur mümkinçilikler üpjün edildi. Her ýaşaýyş jaýynyň özüniň mellek ýeri bolup, bu ýerde ekerançylyk, bagçylyk bilen meşgullanmak üçin şertler bar. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy. Umuman, bu ýerde bir bitewi sazlaşyk döredildi. Şeýle hem binalaryň gurluşygy we bezeg aýratynlyklary utgaşykly ýerine ýetirildi.
Lukmanlar maşgalasyndan bolan öý eýeleri häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, adamlaryň mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny uly guwanç bilen bellediler.
Milli Liderimiz öý eýelerini şu günki şanly sene we täze ýaşaýyş jaýyna göçüp gelmekleri bilen ýene bir gezek gutlap, berk jan saglyk, işlerinde üstünlikler arzuw etdi we maşgala agzalaryna toý sowgatlaryny gowşurdy. Öý eýeleri hem, däbe görä, toý düwünçegini gowşurdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz täze jaýlary synlamagy dowam etdirdi. Bu gün bu ýerde aýdym-saz ýaňlanyp, türkmen halkynyň medeni däpleri hem-de häzirki zaman milli sungaty sazlaşykly utgaşdy. Esasy zat bolsa, bu günki dabaralar türkmenistanlylaryň gülläp ösýän Diýarymyza hem-de ak mermerli gözel paýtagtymyza çuňňur buýsanjynyň beýany boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, şu günki baýramçylyk dabaralary eziz Diýarymyzyň täze taryhyna ajaýyp sahypany ýazdy. Bu bolsa milli Liderimiziň baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda hem-de ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.