Aşgabatda Hatyra güni mynasybetli çäreler geçirildi
06 Oktýabr
Aşgabatda Hatyra güni mynasybetli çäreler geçirildi

Şu gün Aşgabatda Hatyra güni mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle-de söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar ýatlanyldy.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda gül goýmak çäresi geçirildi. Ýurt Baştutanymyz “Ruhy tagzym”, “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärlikleriniň etegine gül çemelerini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we beýleki çärä gatnaşyjylar gül desselerini goýdular.

Döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler toplumynda halkymyzyň hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren gahrymançylygy bilen taryhda öçmejek yz goýan, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy we eziz Diýarymyzyň asudalygy üçin şirin janyndan geçen meşhur şahsyýetleriň keşbini suratlandyrýan diwar şekillerini synlady.

Hormatly Prezidentimiz ýadygärlikler toplumynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ornuna ünsi çekip, mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň topluma ýygy-ýygydan gelmegini guramagyň zerurdygyny, ýaşlarda merdana halkymyzyň beýik taryhyna buýsanjy hem-de hormaty, milletimiziň gahrymançylykly taryhyny yzygiderli öwrenmäge höwesi döretmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem