Ашхабадское пассажирское автотранспортное предприятие

Awtokombinat - Awtomenzil» täze ugry ýola goýuldy
13 Июль
Awtokombinat - Awtomenzil» täze ugry ýola goýuldy

Hormatly ýolagçylar!

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan, ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 72-nji «Awtokombinat - Awtomenzil» täze ugry ýola goýulýandygyny we bu ugur boýunça awtobuslar «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugrap, Gündogar köçesi boýunça hereket edip, Gurbansoltan eje şaýoly bilen Arçabil aýlaw ýoluna tarap hereketini dowam edip, Arçabil aýlaw ýoly bilen “Ak tam bazaryna” hem-de «Altyn asyr gündogar bazaryndan», A.Nyýazow şaýolynyň ugry bilen “Halkara Awtomenziline” barýandygy barada Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Связанный