"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Aşgabatdaky "Ýolagçy" awtoulag kärhanasy

Sürüjiler – täze ýyly iş ýerinde garşylanlaryň hatarynda
05 Ýanwar
Sürüjiler – täze ýyly iş ýerinde garşylanlaryň hatarynda

Täze ýyl baýramçylygynda ýurdumyzyň şäheriçi jemgyýetçilik ýolagçy awtobuslary 1-nji ýanwarda sagat 02:00-a çenli raýatlara yzygiderli hyzmat etdi. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň awtobus sürüjileriniň medeniýetli hyzmaty raýatlarymyzyň täze ýyly dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary bilen bilelikde bellemeklerine ýardamyny ýetirdi.

Her Täze ýylda halkyň hyzmatynda durup, baýramçylygyň täsin pursatlaryny iş ýerlerinde geçirýän ildeşlerimiz bar. Olaryň hatarynda lukmanlar, dürli edara-kärhanalaryň nobatçylary, garawullary, dispetçerler bolup, şol sanda il-günüň baýramçylyk ruhunyň has artmagyna täsirini ýetirýän awtoulag sürüjileri hem mynasyp orna eýedir. Ýolagçylaryň ýoluny we wagtyny tygşytlaýan awtobus sürüjileri bu ýyly garşy alan sagatlarymyzda müşderileriniň isleglerini ýeterlik derejede kanagatlandyrdylar.

Baýramçylygyň, has takygy ýagşy arzuw-niýetleriň edilýän günlerinde 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda jemgyýetçilik awtobuslarynyň tölegsiz hyzmat edendigini hem aýratyn bellemek gerek.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti.

Şeýle hem