Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentine gutlag hatyny iberdi
14 Aprel 2026
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Nizar Amedä Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nizar Amedä tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Yrak Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi