Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Döwlet Baştutany Eýran Liderini mähirli mübärekläp, ýurdumyza sapary üçin minnetdarlyk bildirdi. Masud Pezeşkian öz gezeginde Türkmenistanda görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk aýdyp, Awazada geçirilýän halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini belledi we olaryň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşjakdygyny nygtady. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýändigini belläp, Masud Pezeşkianyň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle hem Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmagyň daşky gurşawy goramak we sebitde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.
Taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.