2022-nji yýlyň 5-nji iýulynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň 2022-nji ýylyň Ýokary derejedäki Syýasy forumynyň çäklerinde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy sanlylaşdyrmak» atly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda beýan edilýär.
Bu çäräni Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçelgesi boýunça Hökümetara topary, Hökümetara ýolagçylar geňeşi hem-de Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen bilelikde gurady.
Ulag ulgamyna bagyşlanan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75/313 belgili «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly rezolýusiýasy dogrusynda, şele hem 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna doly amala aşyrylmagy üçin koronawirus ýokanç keselini netijeli ýeňip geçmek babatda pikir alşyldy.
6-njy iýulda hem Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy BMG-ä agza döwletleriniň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ulag boýunça Dostlar Toparyny döretmegiň amallaryny wirtual platforma görnüşinde gurady.
Bu maslahatda Türkmenistanyň ulag ulgamy babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň aýratyn rezolýusiýasynyň kabul edilişini girizmek ugrundaky teklibi we bu günki günüň ulag meseleleri hem-de olaryň çözgüdi babatda nygtaldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri tarapyndan ýurduň ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin durmuşa geçirilýän çäreler, bu ugurda ýetilen sepgitler tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşi we halkara ulag hyzmatdaşlygy boýunça geçen duşuşygyň netijeleri boýunça BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygy Abdulla Şahidiň adyna Durnukly ulag ulgamynda Dostlar Toparynyň döredilmegi bilen bagly habary özünde jemleýän hat ýollanyldy.