Türkmenistanyň awtomobil ulaglary pudagy döwrebaplaşdyrylýar
20 Aprel 2026
Türkmenistanyň awtomobil ulaglary pudagy döwrebaplaşdyrylýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Batyr Annaýew ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda täze, döwrebap awtobuslaryň we beýleki awtoulag serişdeleriniň satyn alynmagy netijesinde paýtagtymyzda we welaýatlarda ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň gerimi giňelýär. Ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklar dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýolagçy gatnawyny kämilleşdirmek boýunça hödürlenen täze teklibi makullady. Prezidentimiz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu ugurda anyk işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň ahyrynda döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem seredildi we degişli çözgütler kabul edildi.