Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini işe girizmek göz öňünde tutulýar
11 Fewral 2023
10-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylda ýurdumyzda açylmagy meýilleşdirilýän we düýbi tutuljak desgalar barada aýtdy.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini işe girizmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäginde durmuş maksatly ençeme edara-kärhanalaryň, binalaryň we desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
şeýle hem okaň: