Şu gün Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky "Türkmeniň ak öýi" binasynda gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, Nowruz ýaýlasynda geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Hökümet agzalary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar.
Şeýle-de hormatly myhmanlaryň hatarynda "Gadymy Änew medeniýeti" atly halkara ylmy maslahata we "Türkmen topragy --- gadymy siwilizasiýalaryň merkezi" atly metbugat maslahatyna hem-de "Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri" atly halkara maslahata gatnaşmak üçin gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki döwletleriň Parlament assambleýasynyň, Türk medeniýeti we mirasy gaznasynyň, Halkara Türk akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-a agza we synçy döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri bar.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde myhmanlar köpöwüşginli çykyşlar bilen garşylanyldy. Bu ýerde ak öýler dikilip, toý gazanlary ataryldy, köp dürli sergiler ýaýbaňlandyryldy we gadymy türkmen obasynyň keşbi janlandyryldy. Sungat ussatlarynyň çykyşlary, tanslar myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Myhmanlara gadymy geçmişi we däp-dessurlary janlandyrýan sahna çykyşlary görkezildi.
"Türkmeniň ak öýi" binasynyň öňündäki meýdançada suratkeşleriň, şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň ussatlarynyň, türki halklaryň fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu binanyň mejlisler zalyna ýygnananlar, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagyny ünsli diňlediler.
Çäräniň barşynda edilen çykyşlardan soňra, giň gerimli baýramçylyk konserti geçirildi. Onda Türkmenistanyň hem-de beýleki türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlary çykyş etdiler.
Agşam, agzaçar wagty çärelere gatnaşyjylar üçin resmi agşamlyk nahary berildi.
Myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnamanyň çäklerinde Seýit Jemaleddin metjidine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäherine gezelençler guraldy.
Çeşme: «Turkmenportal»