Gazagystanda dört aýyň dowamynda 43 müňden gowrak ýeňil awtoulag öndürildi
31 Maý 2024
Gazagystanda dört aýyň dowamynda 43 müňden gowrak ýeňil awtoulag öndürildi

Milli statistika býurosynyň habaryna esaslanýan «Trend» Gazagystanda 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda dürli tigirli ulag serişdeleriniň 46894 birliginiň öndürilendigini tassyklady.

Deňeşdirmek üçin bellesek, 2023-nji ýylyň degişli döwri üçin bu görkeziji 44724 birlik bolupdy.

2024-nji ýylyň önümçiliginiň esasy bölegi 43622 sany ýolagçy awtoulaglarynda jemlenip, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,8% köpdür.

2024-nji ýylda öndüren awtoulaglarynyň möçberi boýunça 30,2 müň birlige barabar görkezijä eýelik eden Allur zawodynyň ýerleşýän ýeri — Kostanaý hem-de tehnikalaryň 13,5 müň birligini öndüren «Hyundai Trans Kazakhstan» we «Hyundai Trans Almaty» zawodlaryny özünde jemleýän Almaty şäherleri öňdäki orunlary eýelediler.

Eksporty goşmak bilen, 2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Gazagystanda öndürilen iň meşhur brendler: «Hyundai» (13380 birlik), «Chevrolet» (11538 birlik), «Kia» (8,895 birlik), «Jacak» (5,115 birlik) we «Jetour» (4 194 birlik) .

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi