Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň aýtmagyna görä, Habarowsk sebitindäki Uly Ussuriý adasynda Russiýa bilen Hytaýyň arasynda serhet geçelgesini döretmek üçin niýetlenen serişdeler eýýäm bölünip berildi.
Hökümet Baştutany duşenbe güni Habarowskä iş sapary bilen geldi. Oňa Amur boýundaky Komsomolsk we Habarowsk sebitleriniň baş meýilnamalary görkezildi. Bu taslamalar barada çykyş eden Habarowsk sebitiniň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Dmitriý Demeşin Uly Ussuriý adasyny HHR bilen bilelikde ösdürmegiň meýilnamalaryny hem ýatlady.
«Biz bu taslamany şu ýyl başlamagy meýilleşdirýäris. Elbetde, biz serhet geçelgesiniň prezident tarapyndan kesgitlenen möhletde gurulmagyny isleýäris» — diýip, Hökümetiň başlygy tassyklady.
Mişustin öz nobatynda serhet geçelgesine serişde bölünip berlendigini tassyklady.