Nowosibirskde uçaryň ýylylygy we ses izolýasiýasy üçin ultra ýeňil material işlenip taýýarlanyldy. «Boeingden» pes bolmadyk häzirki zaman ýylylyk we ses izolýasiýa önümleriniň ilkinji nusgalary Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustine Nowosibirsk Akademiýa şäherçesiniň tehnologiýa parkynyň kompaniýa-rezidenti — «Tehnologiýa üpjünçilik merkeziniň gözleg toplumy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan görkezildi.
Kompaniýanyň baş müdiri Anton Rýazansewiň sözlerine görä, häzirki wagtda uçarlar üçin içerki ýylylyk we ses izolýasiýasy önümleriniň ilkinji nusgalary synagdan geçirilýär. «Aslynda, olar «Boeing» uçarlarynyň soňky neslinde ulanylan materiallardan pes däl» — diýip, belleýän ýolbaşçy 2025-nji ýylda onuň synag hökmünde uçuryljakdygyny aýtdy.
Rýazansewiň «TASS-a» düşündirişi ýaly, täze önüm üçin material uçar öndürmekde öň ulanylan önümlerden has ýeňil bolup, munuň özi raýat awiasiýa uçarlarynyň agramyny azaldar we içerki awiasiýa boýunça meseleleri çözer. Mundan başga-da, ol suwy siňdirmeýär we ýakmaýar.
Tehnologiýa üpjünçilik merkeziniň gözleg toplumy öz oýlap tapyşlaryna esaslanyp, Russiýa Federasiýasynda uçar komponentleriniň, hususan-da, «MC-21-300» hem-de «RRJ-95» uçarlarynyň synaglarynyň doly tapgyryny geçýän ýeke-täk tassyklanan awiatehnikalaryň ýangyn synag laboratoriýasyny döretdi.