«Mitsubishi» ýakynda täzelenen «ASX» nusgasynyň bahasyny yglan etdi, ýöne 160-gibrid güýç gurluşy bilen tapawutlanýan awtomatiki geçirijili modeliň bahasy häzire çenli näbelli bolmagynda galýar.
Täzelenen «Mitsubishi ASX» iýun aýynyň ahyrynda Ýewropada täze «ýüz» we täze bahalar bilen peýda boldy. 91 at güýji 1,0 litrlik üç silindrli benzinli hereketlendirijisi bolan «Mitsubishi ASX» krossoweriniň alty tizlikli mehaniki geçirijisi bilen tapawutlanyp, 140 at güýjüne daýanýan «mild-hybrid» güýç gurluşynyň we 143 at güýjüne deň bolan «ASX 1.6 HEV» doly gibrid görnüşiniň bahalary mälim edildi. Eýýäm «ASX» ulagynynyň has kuwwatly «mild-hybrid» güýç gurluşy bilen utgaşdyrylan nusgasyny hem sargyt edip bolýar. Ol ýedi geçirijili awtomatiki geçiriş bilen enjamlaşdyrylandyr we 158 at güýjüni hem-de 270 Nm öwrüm mümkinçiligini utgaşdyrýar.
Bu gurnama «Intense +» bilen başlap, beýleki derejelerde hem elýeterlidir. 158 at güýji bolan ýumşak gibrid elektrik gurluşy we «Intense +» bukjasyny jemleýän awtomatiki geçirişli «Mitsubishi ASX-iň» bahasy — 37,690 ýewro. «First Edition» nusgasy bolsa 39,190 ýewrodan satylýar.