BMW kompaniýasy i3 Touring uniwersal ulagyny çykarmaga taýynlanýar
10 Sentýabr
BMW kompaniýasy i3 Touring uniwersal ulagyny çykarmaga taýynlanýar

BMW täze elektrikde işleýän i3 Touring uniwersal ulagyny çykarmaga taýynlyk görýär. Bu model meşhur 3-nji seriýanyň sekizinji nesliniň bir bölegi bolar we ol Neue Klasse innowasiýa platformasynda gurlar. Täze ulagyň ilkinji görkezilişiniň 2026-njy ýylda bolmagyna garaşylýar – diýip, kolesa.ru saýty habar berýär. BMW i Vision Dee Concepts we Vision Neue Klasse tarapyndan ylham alan «i3 Touring» häzirki zaman dizaýnyna eýe bolar.

Häsiýetli aýratynlyklaryň hatarynda aýnanyň ýerine kameralaryň oturdylandygyny, içine gidirilen gapy tutawaçlaryny hem-de ajaýyp yşyklandyryş elementlerini agzap bolar. BMW ulagynyň 3-nji seriýasynyň sekizinji nesli adaty içinden ýanýan hereketlendiriji, şeýle hem doly elektrik kuwwatly gurluş bilen üpjün ediler, olar aýratyn i3 belgisine eýe bolarlar. Şunda i3 at belgisiniň diňe Hytaý bazarynda satylýan elektrik sedany üçin ulanylýandygyny bellemelidiris.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem