«Toyota» kompaniýasy howada hereket etmeklige dalaş edýär. Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi «Joby Awiation» kompaniýasy üçin 500 million dollar maýa goýýar, ol elektrikde işleýän uçýan taksileri ösdürmek bilen meşgullanýar diýip, — TASS agentligi habar berýär. Bu maliýe serişdeleri howa ulaglaryny sertifikatlaşdyrmaklyga we täjirçilik önümçiligine gönükdiriler.
Bu taslamanyň maliýeleşdirilmegi iki tapgyrda: 2024 we 2025-nji ýyllarda amala aşyrylar. Jemi goýuljak maýa goýumy 894 million dollara barabar bolar. «Toyota» we «Joby Awiasiýa» kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk indi ýedi ýyl bäri dowam edip gelýär we bu döwürde kompaniýalar ep-esli derejede üstünlik gazanmagy başardylar.
Hususan-da, «Joby Awiation» kompaniýasy Dubaýyň ýolbaşçylary bilen 2026-njy ýylda uçýan taksiler hyzmatyny ýola goýmak barada şertnama baglaşdy.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»