Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy
22 Oktýabr 2024
Bilelikdäki Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»
şeýle hem okaň: