III çärýekde Belarusa importy üçin sargyt etmeleriň sany 2023-nji ýylyň iýul - sentýabr aýlary bilen deňeşdirilende 35% artdy. Şunda iň uly möçberdäki üpjün etmeler Hytaýdan we Gazagystandan iberilýän harytlara degişlidir — diýip, halkara «ATI.SU Awtoulag ýük daşamalary biržasy» kompaniýasynyň wekilleri «Office Life» neşirine gürrüň berdiler.
Umuman alanyňda, III çärýekde ýylyň birinji ýarymynda ýüze çykan meýiller dowam edýär: import ýük daşamalara bolan isleg barha artýar, eksport daşamalarda bolsa ol diýen ähmiýetli dinamika görünmeýär.
IMPORT BABATDAKY ÝAGDAÝ
Iýul — sentýabr aralygynda beýleki ýurtlardan Belarusa ýük daşamak üçin sargyt etmeleriň möçberi II çärýek bilen deňeşdirilende 16% göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde nyrhlarda hem ýokarlanmanyň bardygy görünýär — çärýek boýunça ol 18% göterim artdy.
Ýük daşamalaryň umumy göwrümi boýunça Russiýa öňki ýaly öňdebaryjylygyny ynam bilen dowam etdirýär. Ol hem bar bolan meýilleri kesgitleýär: bu ýurtdan iberilýän harytlar üçin sargytlaryň möçberi ýyllyk görkezijide 30% göterim we geçen çärýek bilen deňeşdirilende 14% göterim ösüşi görkezdi.
Emma has täsirli dinamikany Hytaý hem Gazagystan görkezýär. Mysal üçin, iýul — sentýabr aýlarynda Hytaýdan Belarusa ýük daşamalara bolan isleg öňki çärýek bilen deňeşdirilende 2 esse, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende bolsa 4 esse artdy. Gazagystandan ýük daşamalar üçin sargytlaryň möçberi hem birnäçe esse ýokarlandy.
«ATI.SU Ýük daşamalar biržasynyň» Belarusdaky kompaniýasynyň direktory —wekili Tatýana Soldatenkonyň sözlerine görä, Russiýa we Hytaý ugurlary bilen işlemäge bolan isleg şeýle ýokary bolup, hatda bu ýurtlar bilen işlemek isleýänleriň sany berlen rugsatnamalaryň sanyndan has köp:
«BAMAP» Belarusyň Halkara awtoulag ýük daşaýjylar birleşigi eýýäm Ulag we kommunikasiýalar ministirligine ýüz tutup, kwotalaryň sanyny artdyrmagy haýyş edipdir. Iň az bahalandyrmalar boýunça, Russiýanyň rugsatnamalaryna goşmaça zerurlyk eýýäm şu ýyl azyndan 5 müň resmi hatyna deňdir. Hytaý bilen işlemek üçin bolsa ulag kompaniýalary indiki ýyl üçin 20 müň rugsatnama soraýarlar. Bar bolan kwota bolsa 2 esse az – bary-ýogy 10 müň rugsatnama.
Gazagystan ugry babatynda aýdylanda, bu ýurtdan iberilýän harytlarda okgunly ösüş Russiýada hem görünýär. Bilermeniň sözlerine görä, bu köp derejede sanksiýalar sebäpli täze shemalaryň gurulmagy bilen baglanyşyklydyr.
EKSPORT BABATDAKY ÝAGDAÝ
III çärýekde eksport ýük daşamalarynda durnukly ýagdaý saklanyp galýar. Ýyllyk görkezijide Belarusdan beýleki ýurtlara daşamalar üçin sargyt etmeleriň möçberi — bu ähli ugurlar boýunça hem, şeýle-de Russiýa boýunça 4% artdy. Geçen çärýek bilen deňeşdirilende, isleg şol bir derejede galdy.
Şol bir wagtyň özünde, ýurduň içindäki daşamalarda bellenip geçilmeli ösüş hasaba alyndy. III çärýekde ýurt içindäki ýük daşamalar üçin sargytlaryň möçberi ikinji çärýek bilen deňeşdirilende 37% we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46% artdy.
Emma, Tatýana Soldatenkonyň belleýşi ýaly, bu sanlar içerki ýük daşamalara bolan hakyky islegiň artmagyny däl-de, eýsem biržanyň ýurduň içindäki ösüşini görkezýän bolmagy mümkindir.