Hytaý awtomobil senagaty özüniň täze ulaglary bilen hemmeleri begendirip durýar. «Jaecoo» kompaniýasy häzirki zaman dizaýny bilen tapawutlanýan ykjam J5 krossowerini görkezişe çykardy. Owadan radiator gözeneginiň keşbi, inçe LED çyralary we goş goýulýan bölümindäki giň spoýleri awtomobile dinamiki görnüş berýär. Gurnalan parktronika abzallary we görünmeýän gaz çykaryjy turbalary munda detallara jikme-jik üns berilýändigini görkezýär. Krossoweriň salony häzirki zaman stilinde ýerine ýetirilipdir: dik ekran we eko-deri örtügi ulagda rahat gurşawy döredýär — diýip, runews24.ru saýty habar berýär. «Jaecoo J5» awtoulagynyň ölçegleri (4380x1860x1650 mm) ony ykjam krossowerler segmentine degişli etmäge mümkinçilik berýär. 2620 mm teker arasynyň bolmagy giň salony we ýolagçylar üçin rahat oturyş ýerini üpjün edýär. 480 litre barabar bolan göwrümli goş bölümi gündelik zerurlyklar üçin ýeterlik goş-golamy ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. «Jaecoo J5» awtoulagynda 197 at güýjüne barabar bolan 1,6 litrlik turbinaly hereketlendiriji goýlup, ol ýokary tizlikde sürmegi we ygtybarly tizleniş dinamikasyny üpjün edýär. Krossoweriň dört tekeriniň doly hereket edýändigini nazara alanyňda, ony hem şäher şertlerinde, şeýle-de şäherden daşary syýahatlarda sürmek üçin örän amatly edýär.