Konteýnerlere bolan isleg öňki ýagdaýyna gelýär
23 Oktýabr
Konteýnerlere bolan isleg öňki ýagdaýyna gelýär

Ýaponiýanyň «Mitsubishi HC Capital» maliýe holdingine degişli bolan amerikan lizing kompaniýasy «CAI International» Gyzyl deňziniň sebitindäki ýagdaý bilen baglanyşykly ýüze çykan konteýner enjamlaryna bolan islegiň artmagy sebäpli, 700 müň konteýneriň, şol sanda 70 müň ref konteýnerleriniň öndürilmegi üçin 1,35 milliard dollar maýa goýýar. «The Loadstar» neşiriniň habar berşi ýaly, täze konteýnerler kompaniýanyň hereket edýän umumy parkynyň 20% göterimini düzer. «CAI International» kompaniýasy konteýnerleriň nirede guruljakdygy baradaky maglumaty aýan etmeýär.

Şu ýylyň maý aýynda «Mitsubishi HC» holdingi konteýnerleri kärendesine bermek işine maýa goýumlaryny artdyrjakdygyny yglan etdi. Şonda holding konteýner enjamlaryna bolan islegiň, «dar ýerler» sebäpli, şol sanda Panama kanalyndan üstaşyr ýük geçirişiň çäkli bolandygy bilen baglanyşykly ýüze çykandygyny belläpdi.

Emma «Container xChange» kompaniýasynyň soňky hasabatynda, Gyzyl deňziniň sebitindäki ýagdaýyň ýaňy emele gelen mahaly konteýnerleriň bahalarynyň hakykatdan hem ýokarlanandygy, emma häzir bahalaryň kadalaşandygy bellenilýär. Mysal üçin, şu ýylyň sentýabr aýynda konteýneriň bahasy 2.5 müň dollar bolan bolsa, geçen ýyl ol 3 müň dollar bolupdy.

CIMC, Dong Fang we Singamas konteýner öndürijileri Gyzyl deňizdäki çylşyrymly ýagdaýa jogap hökmünde sargytlaryň birden artandygyny habar berdiler. «Drewry» neşiriniň bahalandyrmasyna görä, şu ýyl jemi sygymlylygy 5,79 mln TEU barabar bolan konteýnerler öndüriler. Bu taryhy görkezijileriň arasynda ikinji orny eýeleýär – 2021-nji ýylda 7.1 mln TEU möçberde konteýner öndürilipdi.

Geçen ýyl frahtyň (gämi bilen ýük daşamalaryň) nyrhlarynyň ep-esli pese düşmegi bilen täze konteýnerlere bolan az möçberdäki islegiň bolandygyny ýatladýarys. Şu ýylyň maý aýynda dünýäniň öňdebaryjy deňiz konteýnerlerini öndürijileriň we lizingçileriň biri bolan «Florens Asset Management» kompaniýasynyň düzümine girýän Cosco Shipping Development (CSD) holding kompaniýasy, «Dong Fang Container» kompaniýasy hem onuň düzümine degişli bolup durýar, 2024-nji ýylda konteýnerlere bolan islegiň dikeljekdigi baradaky çaklamasyny öňe sürüpdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem