«Mitsubishi» hataryny giňeldýär: pes nyrhly ykjam krossower modeller toparynyň üstüni ýetirer
05 Noýabr 2024
«Mitsubishi» hataryny giňeldýär: pes nyrhly ykjam krossower modeller toparynyň üstüni ýetirer

Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi «Mitsubishi» kompaniýasy awtoulaglaryň bäş täze modelini çykarjakdygyny yglan edip, häzirki modelleriniň hataryny giňeltjekdigini habar berdi. «Outlander» krossoweriniň üstünlikli satuwyndan soň, kompaniýa Ýewropa bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy maksat edinmek bilen, iki sany düýbünden täze modeli görkezişe çykarmagy meýilleşdirýär — diýip, «Rambler» neşiri habar berýär.

Taýýarlanylýan täze modelleriň arasynda C-segment elektrikde işleýän krossower we täze ykjam krossower aýratyn orun eýeleýär. Soňky agzalan model adaty benzin hereketlendirijili, şeýle-de gibrid görnüşinde alyjylara elýeterli bolar. Awtoulag Google integrirlenen ulgamyna eýe bolar.

«Mitsubishi» kompaniýasy geljek ýyl Ýewropa bazarynda täzelenen «ASX» we «Colt» modellerini hem-de «Outlander» krossoweriniň täze wersiýasyny goşmak bilen, bäş sany täze modelini görkezişe çykarar. Awtoulag öndüriji sürüji üçin öňdebaryjy kömek ulgamlary we häzirki zaman aragatnaşyk mümkinçilikleri bilen enjamlaşdyrylan elektrikleşdirilen krossowerleriň bäsdeşlige ukyply toplumyny emele getirýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»