«Audi» kysymyndan täze hytaý brendi: meşhur halkalaryndan mahrum bolan elektromobiller
08 Noýabr 2024
«Audi» kysymyndan täze hytaý brendi: meşhur halkalaryndan mahrum bolan elektromobiller

Germaniýanyň «Audi» awtoulag öndürijisi Hytaýyň «SAIC» konserni bilen bilelikde hytaý bazary üçin elektromobilleri öndürmäge gönükdirilen täze AUDI awtomobil brendini işe girizdi. Täze brendiň aýratynlygy – onuň dört halkaly adygan firma nyşanynyň ýoklugydyr. Bu barada kolesa.ru saýty habar berýär.

7-nji noýabrda geçirilen tanyşdyryş dabarasynda bu kompaniýalar özara hyzmatdaşlyk etmekdäki orunlaryny açyp, köpçülige aýan etdiler: «Audi» awtoulagy işläp düzmegi we onuň ähli inženerçilik çözgütlerini öz üstüne alýar, «SAIC» bolsa innowasion tehnologiýalary we ýerli bazaryň seljerme işini üpjün edýär. B we C segmentlerinde olar üç hili elektromobili çykarmak meýilnamasyny yglan etdiler: birinji model 2025-nji ýylyň ortasynda, ikinjisi - 2026-njy ýylda, üçünji model - 2027-nji ýylda peýda bolar. Çäräniň dowamynda görkezilen AUDI E konsept-ulagy geljekki modelleriň dizaýnyny we tehnologik çözgütlerini görkezýär.

Nemes we hytaý inženerleri bilen bilelikde döredilen bu uniwersal awtoulag, 800 woltly arhitekturaly platformada gurlandyr. Awtomobiliň ölçegleri täsir ediji bolup, onuň uzynlygy - 4870 mm, ini - 1990 mm, beýikligi - 1460 mm, tigir binýady - 2950 mm, bu IM LS6 krossoweriň ölçeglerine laýyk gelýär. Tehniki häsiýetnamalary: onuň jemi kuwwaty 775 at güýjüne deň bolan iki elektrik hereketlendirijisi, onuň aýlaw döwri 800 Nm barabar, pnewmo asgyjy we 100 kWt*s kuwwatly akkumulýatory bar. Hytaýyň CLTC standartyna görä, onuň yglan edilen geçip bilme ätiýaçlygy 700 km deň, ol 100 km/s tizlige bolsa 3.6 sekuntda ýetip bilýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»