«Compact Container Systems» (CCS) amerikan kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek «5-si 1-inde» görnüşli 40 fut göwrümli HC (High Cube) ýygnalýan «SeaFold» konteýnerini ýasady.
Öndürijiniň beýan etmegine görä, ýygnalan görnüşinde bäş sany «SeaFold» konteýnerleriniň «toplumy» bir adaty 40 futlyk High Cube konteýneri bilen deň ýer tutýar. Bu gurluş ammaryň meýdanynyň 80 göterimini tygşytlamaga, gämilerde, awtoulaglarda, demir ýol ulaglarynda we baržalarda konteýnerleri ýokary galdyryp geçirmegiň sanyny azaltmaga, jaýlaşykly goýmagy ýeňilleşdirmäge we netijede daşamak hem-de saklamak bilen bagly çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.
«Bir adaty 40 futlyk HC konteýneriň ýerleşýän boşlugynda bäş sany ýygnalýan konteýneri ýerleşdirmek mümkinçiligi, konteýnerleriň geçirilişini dolandyrmakda oýnuň düzgünlerini düýpli üýtgedýär we sygymlylygy aňrybaş derejede artdyrýar» — diýip, «CCS» kompaniýasynda belleýärler. «SeaFold konteýnerleri portda, terminalda ýa-da ammarlarda ulanmak we saklamak üçin howpsuz hem-de has netijeli ulgamy döredýär. Bu aýratyn-da möwsümiň iň gyzgalaňly döwründe, ýüküň köplügi uly meseleleri döredýän we boş konteýnerleri daşamak ileri tutulýan wagtynda has wajypdyr».
«SeaFold» konteýneri pudak standartlaryna laýyk gelýän iň ýokary hilli materiallardan öndürilýär. Konteýner ähli ISO barlaglaryndan we suw geçirmezlik synaglaryndan geçdi. Ol köp portlarda, terminallarda we ammarlarda ulanylýan ähli adaty göteriji enjamlar bilen utgaşykly bolup, hiç hili ýörite enjamy talap etmeýär.