«Mazda» 2027-nji ýyla çenli modeller hatarynyň köpçülikleýin täzelenjekdigini yglan etdi
09 Noýabr 2024
«Mazda» 2027-nji ýyla çenli modeller hatarynyň köpçülikleýin täzelenjekdigini yglan etdi

Ýaponiýanyň iri awtoulag kompaniýasy bolan «Mazda» 2025-2027-nji ýyllar üçin niýetlenen strategiki ösüş maksatnamasynyň ikinji tapgyryny mälim etdi. Esasy üns modelleriniň toplumlaýyn täzelenmegine we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdiriler — diýip, sterlegrad.ru saýty habar berýär. Kompaniýanyň geljekki üýtgeşmeleri başdan geçirjek esasy modeli «CX-5» awtoulagynyň üçünji nesli bolar. Meşhur krossower bu segmentiň liderleriniň biri bolan täzelenen «Toyota RAV4» bilen bäsleşmek üçin ýörite işlenip düzülen firma gibrid ulgamyna eýe bolar.

Kompaniýanyň meýilnamalarynda şeýle hem doly elektrikleşdirilen awtoulagy öndürmek we Hytaýyň awtoulag öndürijisi «Changan» bilen hyzmatdaşlykda täze krossoweri döretmek niýetleri bar. Hereketlendirijileri öndürmekde hem tehnologik öňegidişlik garaşylýar: 2027-nji ýyla çenli kompaniýa häzirki SkyActiv-G we SkyActiv-X tapgyrly hereketlendirijilerini täze SkyActiv-Z dört silindirli agregatlar bilen çalyşmagy meýilleşdirýär.

«Mazda» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bellenen strategiýanyň amala aşyrylmagy diňe bir brendiň dünýä bazaryndaky ornuny berkitmäge däl-de, eýsem ekologiýa taýdan arassa ulagy öndürmek çözgütlerine bolan ösýän islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»