Awtoulag pudagynyň bilermenleri «Volkswagen» awtomobiliniň «Golf» kysymynyň dokuzynjy neslini 2029-njy ýylda çykarmak meýilnamasynyň bardygyny mälim edýärler. Täze modeliň doly elektrikleşdirilen awtoulag boljakdygy barada gazeta.ru saýty habar berýär. Täze «Golf» kysymynyň esasy aýratynlygy bu modelde SSP (Scalable Systems Platform) täze innowasiýa platformasyny ulanmak bolar, bu elektrik güýç beriji hereketlendirijisiniň çeýeligini we netijeliligini üpjün eder. Bu ädim meňzeş tehniki häsiýetleri bolan ID.3 modeliniň önümçiligini kem-kemden azaltmaklygy aňladýar.
Doly elektrik wersiýasynyň çykarylmagyndan öň kompaniýa 2026-njy ýylda aralyk täzelenmäni geçirmegi meýilleşdirýär. Işläp taýýarlaýjylar adaty içinden ot alýan hereketlendirijiler ulgamyndan doly el çekjek meýilleriniň ýokdugy bolsa bellenmäge mynasypdyr. «Volkswagen» Ýewropanyň ekologiki standartlary entek mümkinçilik berýän döwründe «Golf» kysymynyň sekizinji we dokuzynjy nesillerini ugurdaşlykda öndürmek meýilnamasyny aradan aýyrmaýar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»