«Changan» gerimli maksatlary öňde goýýar: uçýan awtoulaglar we adampisint robotlar
03 Dekabr 2024
«Changan» gerimli maksatlary öňde goýýar: uçýan awtoulaglar we adampisint robotlar

Hytaýyň «Changan» awtoulag öndüriji kompaniýasy geljek bäş ýyl üçin öňdebaryjy tehniki çözgütleri we işläp taýýarlamalary ösdürmek boýunça 50 milliard ýuana barabar bolan maýa goýum meýilnamasyny aýan etdi – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Guançžou şäherinde geçirilen awtoulag sergisinde kompaniýanyň giň gerimli maksatlary görkezildi: uçýan awtoulagy 2026-njy ýylda, adampisint roboty bolsa 2027-nji ýylda öndürmek meýilleşdirilýär. Ýerine ýetiriji wise-prezident Çžan Sýaoýuý kompaniýanyň ösüşiniň üç esasy ugrunyň: düzüm-guramaçylyk taýdan kämilleşdirmekligi, aň-paýhas işläp taýýarlamalaryň we tehniki mümkinçilikleriň giňeldiljekdigini nygtady.

Sýaoýuýyň sözlerine görä, geljegiň tehnologiýalary diňe adamyň aň-paýhas derejesine ýetmän, eýsem olary ozup geçmelidir. Kompaniýanyň geljege ymtylyp gidişini görkezýän mysalda «Changan E07» pikap-transformer awtoulagy görkezildi. Ol awtoulagyň, adamyň we daşky gurşawyň üstünlikli birleşip bilýändiginiň beýany bolup durýar.

Kompaniýa ýeriň üstünde, suwuň ýüzünde we howada hereket etmegi öz içine alýan üç derejeli innowasion ulag ekoulgamyny döretmegi meýilleşdirýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi