Gibrid görnüşli «Lamborghini Urus» awtoulagyny «sungat ulagyna» öwürdiler
07 Dekabr 2024
Gibrid görnüşli «Lamborghini Urus» awtoulagyny «sungat ulagyna» öwürdiler

«Lamborghini Urus» Maýamini gurşap alýan gözellikden ylham alýan ajaýyp aýratynlyga eýe boldy. «Ad Personamyň» dizaýnerleri awtoulagyň kuzowy üçin şäheriň gaýtalanmajak köptaraplylygyny we sungat aýratynlygyny aýdyň beýan edýän özboluşly, köp öwüşginli reňk dizaýnyny döretdiler. Bu ajaýyp eseri döretmek üçin goşmaça 230 iş sagady gerek boldy – diýip, motor.ru saýty habar berýär.

Bu «sungat awtoulagynyň» dünýä boýunça ilkinji görkezilişi Art Baselde geçirildi. Bu çärede «Lamborghini» awtoulagynyň 2024-nji ýylyň ilkinji üç çärýeginde satuwlarynyň 8,6% artandygyny hem-de tutuş model hatarynyň elektrikleşdiriljekdigini mälim etdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»