San-Fransiskonyň Sungat akademiýasynyň ýygyndysyndan 100-den gowrak taryhy awtoulaglar 2024-nji ýylyň fewral aýynda kim ýokary satuwyna çykarylar. «Broad Arrow» auksion öýi awtoulag senagatynyň esasy tapgyrlaryny beýan edýän hem-de özboluşly nusgalary hödürleýän giň möçberli satuwa taýýarlyk görmek işine girişdi – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Auksionyň katalogynda 1933-nji ýylyň alynky aýnasy bölünen «Chrysler Imperial» awtoulagy bolup, oňa 900 müňden 1,2 million dollara çenli baha berilýär, onda şeýle hem 1937-nji ýylyň Britaniýanyň iki ýerli «Squire Corsica» rodster awtoulagy görkezilýär.
Lotlaryň arasynda 1930-njy ýyllaryň amerikan nusgawy awtoulagy «Packard Twelve» 1108, şeýle-de V16 hereketlendirijili «Marmon Sixteen LeBaron» awtoulagy hem bar. Emma häzirki wagtda iň gymmat we ýokary baha berlen awtoulag 1955-nji ýylyň «Mercedes-Benz 300 SL» awtoulagy bolup, oňa 1,2 - 1,5 million dollar aralygynda baha berilýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»