Ýanwar aýynda «Mecum» auksion öýüniň söwdasynda «Cadillac Fleetwood Brougham» — ABŞ-nyň 42-nji prezidenti Bill Klinton üçin 90-njy ýyllaryň ortalarynda ýörite taýýarlanan üç limuzinden biri satuwa çykarylýar. Bu awtoulag hususy kolleksionerler üçin satyn alynmagy mümkin bolan we prezident tapgyryndaky ýeke-täk limuzindir. Awtomobiliň bahasy onuň az ýol geçenligi bilen tapawutlanýar — ol bary-ýogy bir müň kilometrden gowrak aralygy geçipdir – diýip auto.ru saýty habar berýär.
Bu awtomobil ýörite işlenip düzülip, ol adaty tapgyrlaýyn çykarylan limuzinlere meňzeş bolmadyk gaýtalanmajak dizaýna eýe bolup durýar. Prezident limuzininiň möçberi täsir galdyrýar: uzynlygy 7 metre golaý, teker binýadynda 4,25 metr, ýokary tarapy şunuň ýaly adaty ulaglaryňkydan 75 millimetr artdyrylypdyr. Limuzin bu taslama üçin ýörite elde ýasalan 7,4 litrlik V8 hereketlendirijisi bilen üpjün edilipdir.
Awtomobiliň salony 1996-njy ýylda ornaşdyrylan asyl enjamlary saklap galypdyr we ol alty adam üçin niýetlenendir. Awtoulagyň esasy aýratynlygy, öňki oturgyçlaryň yzynda aralygy ýapýan, süýşürilip açylyp-ýapylýan örtük hem-de kinoskoply monitorly wideo ulgamy bilen üpjün edilipdir. Onuň gaz hüjümlerinden goramak üçin niýetlenip, kislorod bilen üpjün edilen howa ulgamy aýratyn üns bermäge mynasypdyr.