Türkmenistanyň pensiýa gaznasy töleg möhletleri barada ýatladýar
02 Ýanwar 2025
Türkmenistanyň pensiýa gaznasy töleg möhletleri barada ýatladýar

Türkmenistanyň pensiýa gaznasy hususy telekeçilere 2024-nji ýylyň ikinji ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar berýär.

Türkmenistanyň «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyryşy hakynda» kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, telekeçiler şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewralyna çenli pensiýa töleglerini tölemelidirler.

Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»