Huawei kompaniýasy elektrik ulaglary pudagynda täze innowasion işläp taýýarlamasyny - elektrik ulaglaryna zarýad bermek üçin awtomatlaşdyrylan manipulýator abzalyny görkezdi. Täze ulgam ulagyň zarýad beketine birikdirme işinde adamyň gatnaşmagyny doly aradan aýyrýar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Robotlaşdyrylan manipulýator abzallarynyň köpçülikleýin önümçiligi 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde başlanar. Huawei bu çözgüdi dürli hytaý öndürijileriniň elektrik ulaglarynyň eýeleriniň ulanyp biljek zarýad beriş beketleriniň torunyň düzümine goşmagy maksat edinýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»