1948-nji ýylyň ajaýyp Ferrari awtoulagy ilkinji gezek auksion söwdasyna çykarylýar
21 Ýanwar 2025
1948-nji ýylyň ajaýyp Ferrari awtoulagy ilkinji gezek auksion söwdasyna çykarylýar

Broad Arrows auksion öýi 1948-nji ýylda çykarylan Ferrari 166 Spyder Corsa awtoulagyny köpçülige görkezmäge taýýarlyk görýär. Bu awtoulag hususy eýeçilikde bolan iň gadymy Ferrari hökmünde aýratyn gymmat baha eýedir. Bilermenleriň baha bermeklerine görä, bu seýrek sport awtoulagynyň bahasy 5,5 milliondan 7,5 million ýewro aralygynda kesgitlenýär – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Awtoulagyň sport taryhy onuň ilkinji eýesinden başlanýar. Ol Targa Florio we Mille Miglia ýaly meşhur italýan ýaryşlaryna gatnaşypdy.

1949-njy ýylda satylandan soň, awtoulag 1957-nji ýyla çenli ýaryşlara gatnaşmagyny dowam etdiripdir. Ferrari Classiche şahadatnamasy bilen tassyklanan awtoulagyň aýratyn özboluşlylyk häsiýeti onuň onsuz hem gymmat bahasynyň üstüni ýetirýär. Sport awtoulagynyň asyl motory, bäş tizlikli transmissiýa geçirijisi, şassisi we kebşirlenen düzümi saklanyp galypdyr.

Eýeleriniň ýygy-ýygydan çalşylmagyna garamazdan, bu meşhur awtoulagyň köpçülikleýin söwda çykarylmagy ilkinji gezekdir.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»