AwtoWAZ kärhanasy Lada Vesta awtoulagynyň alty tizlikli mehaniki transmissiýaly görnüşiniň köpçülikleýin önümçiligine başlanandygyny yglan etdi. Kompaniýanyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlenip düzülen täze transmissiýa sürüjiler üçin has amatlydyr we tizligi çeýe geçirilmegini üpjün etmäge niýetlenendir. Önümçiligiň başlangyç tapgyrynda bu transmissiýa diňe 1,8 litrlik hereketlendiriji bilen utgaşdyrylyp, gurnalar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Şunda ähli tizlikleriň sinhronlaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi, şol bir wagtyň özünde birinji we ikinji tizlikler karbon örtükli kämilleşdirilen üç konusly sinhronizatorlar bilen enjamlaşdyryldy. Transmissiýany Lada awtoulaglaryna uýgunlaşdyrmagyň barşynda inženerler ilkinji walyň, karteriň we trosly geçirijiniň abzalynyň modifikasiýasyny öz içine alýan düýpli kämilleşdirmeleri geçirdiler. Täze transmissiýanyň ygtybarlylygy synaglaryň üsti bilen tassyklandy: synag nusgalary hakyky ýol şertlerinde 150 müň kilometr ýoly geçdi we 300 müň kilometrlik stend synaglaryndan geçdi.
Täze transmissiýa Lada Vesta awtoulagynyň ähli kuzowly görnüşleri üçin elýeterli bolar.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»