Renault we Wolwo kompaniýalarynyň hyzmatdaşlyk etmeginiň netijesinde esaslandyrylan Flexis kompaniýasy täze elektrikde işleýän täjirçilik awtoulaglarynyň üçüsini görkezdi. Model hataryna şäher furgony, köpugurly miniwen we ýük şassisi girýär. Olaryň önümçiliginiň 2026-njy ýylda girişilmegi meýilleşdirilýär – diýip, kolesa.ru saýty habar berýär. Ähli modeller bir skeýtbord-platformasynda gurlandyr we ähtimal, birmeňzeş güýç beriji enjamlar bilen üpjün ediler. Täze modelleriň tapawutly aýratynlyklary içki giňişligiň modullaýyn gurluşy we poluň pes derejesidir. Esasy öňdebaryjy model bolan Flexis Step-In öňe süýşýän gapylaryna we yzky rollete eýe boldy. Beýik ýokary tarapy sürüjiniň salondan oňaýly ýagdaýda hereket etmegini üpjün edýär.
Şäher furgony Cargo Van uzynlygynyň we beýikliginiň birnäçe görnüşinde elýeterli bolar. Modelleriň hatarynda şeýle hem dürli gurluşlary bolan, şol sanda ýolagçy-ýük görnüşini göz öňünde tutýan adaptiw şasside iki gapyly kabinaly Panel Van hem bar. Elektromobilleriň yglan edilen geçip bilýän aralygy 450 kilometr, çalt zarýad bermesi bolsa 10-dan 80 göterime çenli diňe 20 minut wagt alýar. Önümçiligiň Renault kompaniýasynyň Ýewropadaky kärhanalarynyň birinde ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. Flexis kompaniýasy eýýäm logistika operatorlaryndan deslapky sargytlary aldy we olar bilen göni işlemegi maksat edinýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»