
Suzuki kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda Jimny awtoulagynyň bäş gapyly kysymyna sargytlary kabul etmegi togtatmaly boldy. 30-njy ýanwardan başlap söwdanyň başlan gününden bäri dört günüň dowamynda kompaniýa ýolsuz ýerden ýöreýän ulag üçin takmynan 50 müň sargyt aldy – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
Häzirki öndürijilik mümkinçiliklerini we Ýaponiýanyň bazary üçin aýda 1200 awtoulag öndürmek çägini göz öňünde tutup, alnan sargytlary ýerine ýetirmegiň wagty üç ýarym ýyla çenli dowam edip biler. Ähli 50 müň sargydy ýerine ýetirmek üçin 42 aý gerek bolar.
Bäş gapyly Jimny kysymynyň önümçiligi 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Hindistanda başlady we bu modifikasiýany öndürýän ýeke-täk ýurt bolup durýar. 2023-nji ýylyň güýzünde Maruti Suzuki kärhanasynda bu awtoulagy Latyn Amerikasyna, Ýakyn Gündogara we Afrika ýurtlaryna eksport etmäge başlady, emma Ýaponiýa bu model diňe ýaňy-ýakynda geldi.
Ýolsuz ýerden ýöreýän meşhur ulagyň uzaldylan görnüşiniň tigirleriniň arasyndaky aralyk 340 mm artdyrylyp, ol 2590 mm çenli ýetirildi. Müşderiler mehaniki ýa-da awtomatik geçirijili kysymlary, şeýle hem peseldilen geçirijili doly tigirleri herekete getiriş ulgamyny saýlap bilerler.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»