Balkan we Daşoguz welaýatlarynda adalat edaralarynyň täze binalary gurlar
06 Fewral
Balkan we Daşoguz welaýatlarynda adalat edaralarynyň täze binalary gurlar

Türkmenistanyň Adalat ministrligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň adalat edaralarynyň edara binasynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Daşoguz welaýatynyň adalat edaralarynyň edara binasynyň taslamalaryny düzmäge hem-de olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, şeýle hem edara binalary üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň, lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmaga we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi. TDH-niň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň fewral aýynda başlamak hem-de edara binalaryny 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we adalat edaralarynyň işgärleriniň iş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Çeşme: «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi»

Şeýle hem