General Motors dolandyryjysyz taksiler taslamasyndan ýüz öwürdi
07 Fewral 2025
General Motors dolandyryjysyz taksiler taslamasyndan ýüz öwürdi

General Motors konserni Cruise LLC kompaniýasyny, ýagny özbaşdak hereket edýän ulag serişdelerini işläp düzmek boýunça ýöriteleşen kompaniýany doly birleşdirmek işini tamamlady. Cruise kompaniýasy golçur kärhana bolandan soň, konsern robotaksi hyzmatyny ösdürmekden ýüz öwrüp, sürüjä ýardam edýän ulgamlaryny kämilleşdirmeklige üns bermek kararyna geldi – diýip, auto.ru saýty habar berýär. Cruise kompaniýasynyň toplan tehnologik işläp taýýarlamalary SuperCruise toplumyny kämilleşdirmek üçin ulanylar – bu GM brendleriniň tapgyrlaýyn çykarylýan awtoulaglaryna gurnalýan sürüji üçin kömekçi ulgamlarydyr. Cruise kompaniýasynyň inženerler düzümi baş kompaniýanyň hünärmenleri bilen birleşdiriler.

Täzeden guramak konserniň çykdajylaryny optimizirlemäge niýetlenendir. Sekiz ýylyň dowamynda Cruise kompaniýasynyň taslamasyna 10 milliard dollara golaý maýa goýuldy. Indi GM ýylda bir milliard dollardan gowrak tygşytlamagy, şol sanda ony işgärleri azaltmagyň hasabyna tygşytlamagy meýilleşdirýär. Eýýäm taslamanyň ýolbaşçysy we ýokary derejeli menejerleriň birnäçesi bilen bilelikde ýolbaşçy düzüminiň bir topary işden boşadyldy. GM-niň bu karara gelmeginiň netijesinde Amerikanyň bazarynda awtonom taksileri işläp düzmegi dowam etdirýän diňe iki sany iri kompaniýa galdy – olar Waymo we Tesla.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»