Stefan Peteranselä Dakar ralli ýaryşynda 2021-nji ýylda ýeňiş getiren özboluşly MINI X-Raid sport awtoulagy «Bonhams» auksion öýüniň kim ýokary söwdasynda öz täze eýesini tapdy. Köp ýaryşlara gatnaşyp, baý taryhy bolan awtoulag 368 müň ýewro satyldy – diýip, auto.ru saýty habar berýär.
2017-nji ýylda BMW bilen X-Raid kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynyň netijesinde döredilen bu baggi ulagy innowasion gurluşy bilen tapawutlanýar. Onuň esasyny garaşsyz asma ulgamly turbaly çarçuwasy düzýär, MINI awtoulagynyň ýörite stilinde ýerine ýetirilen kuzow elementleri bolsa kompozit materiallardan — karbon we kewlardan ýasalypdyr.
Sport ulagy ýaryşlara gatnaşan döwrüniň dowamynda 2018-nji ýyldaky ilkinji Dakarda 19-njy orny eýeläp, 2021-nji ýylda 14 gezek çempion bolan Stefan Peteranseliň dolandyrmagynda 12 tapgyryň dokuzsyny ýeňip, gazanan ajaýyp ýeňşine çenli täsirli ýoly geçdi. Baggi ulagynyň üstünlikleriniň arasynda 2019-njy ýylda Dubaý ralli-reýdindäki ýeňşi we 2020-nji ýylky Dakar ýaryşynyň bürünç medaly hem bar. Bellemeli ýeri, awtoulag FIA guramasynyň hereket edýän pasportyny saklap galypdyr, bu bolsa täze eýesine ady belli awtoulagyň sport ýoluny dowam etdirmäge mümkinçilik berer.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»