
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Bäherden» tikin fabriginde ýanwar aýynyň önümçilik meýilnamasy 124,40 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Şol döwürde bu baýry kärhanada 983 müň manatlyga golaý tikin önümleri öndürildi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji kärhanada geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar.
Kärhanada degişli pudaklaryň buýurmalary esasynda tikin önümleriniň 4 müň 880-den gowragy taýýarlanyldy. Ekologik taýdan arassa, nah matalardan tikilen, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan şol önümleriň aglabasy ýöriteleşdirilen lybaslardyr diýlip, habarda bellenilýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»