
Ýewropa Komissiýasy (ÝK) 165/2014 belgili öňki Düzgünnamasyna üýtgetmeler girizýän ÝB-niň 2020/1054 belgili Düzgünnamasynyň çäklerinde tahograflaryň we sürüjileriň kartlarynyň ulanylyşynyň täze kadalary boýunça düşündirişleri çap etdi. Esasy üns operatorlaryň, sürüjileriň we ulag kompaniýalarynyň täze bildirilýän talaplara uýgunlaşmaly döwri bolan 2023-nji ýylyň awgustyndan 2028-nji ýylyň awgustyna çenli geçiş döwrüne berilýär.
Täze kadalara laýyklykda 2028-nji ýylyň awgustyndan bellige alnan döwletinden başga ÝB-niň ýurtlarynda ulanylýan ähli ulag serişdeleri 2-nji görnüşdäki intellektual tahograflar (Smart Tacho 2) bilen enjamlaşdyrylan bolmaly. Sürüjiler hem 2-nji görnüşli tahograf kartlaryny ulanmaga borçly bolarlar. Bu sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi ýönekeýleşdirmäge, şeýle hem ýollardaky barlaglarda tehniki çäklendirmeleri azaltmaga mümkinçilik berer.
Esasy üýtgetmeleriň biri gözegçilik edaralarynyň sürüjileriň maglumatlaryny barlap biljek döwrüniň 28 günden 56 güne çenli uzaldylmagy bolar. Bu kada 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryndan güýje girdi. 2.2 görnüşli tahograf kartlaryny ulanýan sürüjiler 56 günlük maglumatlary awtomatik usulda berip bilerler. Emma 2023-nji ýylyň awgustyna çenli berlen kartlar üçin kynçylyklar ýüze çykyp biler, sebäbi olaryň ählisi şeýle uzak döwür üçin maglumatlary saklamagy goldamaýar. Şeýle halatlarda ÝK sürüjilere we operatorlara goşmaça ýazgylary ýöretmegi ýa-da maglumatlaryň çap edilen göçürmelerini bermegi maslahat berýär. Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bellige alnan ýurdundan daşarda işleýän ähli ulag serişdeleri intellektual tahograflar bilen enjamlaşdyrylan bolmaly. 1-nji görnüşli tahograflar üçin Smart Tacho 2 abzalyna çalyşmagyň soňky möhleti 2025-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli diýlip bellendi. Täze enjamlar serhetlerden geçilmegini awtomatik usulda bellige alýar, bu bolsa sürüjiler üçin ony el bilen ýerine ýetirmek zerurlygyny aradan aýyrýar. Täze kadalar ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, sürüjileriň ýadawlygyny azaltmaga we halkara ýük daşamalaryň bazaryna gatnaşyjylaryň hemmesi üçin deň şertleri döretmäge gönükdirilendir.