
Ilon Mask maýadarlara 2025-nji ýylyň iýun aýynda robot-taksi hyzmatyny işe girizmeklige taýýarlyk görülýändigini yglan etdi. Synag taslamasy üçin Tehas ştatynyň Ostin şäheri saýlanyp alyndy – diýip, auto.ru saýty habar berýär. «Tesla» on ýyla golaý wagt bäri doly awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyny döretjekdigini wada berse-de, kompaniýanyň häzirki ulag dolandyryjysy heniz hem sürüjiniň hemişelik üns bermegini talap edýän adaptirleýji «kruiz-kontrol» abzalyň ¬– tizligiň dolandyryş we gözegçilik ulgamynyň kämilleşdirilen görnüşidir.
Täze taslama Tesla kompaniýasynyň doly derejedäki täjirçilik sürüjisiz taksiniň ilkinji işe girizilen nusgasy bolmalydyr. Ostiniň başlangyç ýer hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däl: bu ýerde sürüjisiz awtoulaglaryň ulanylmagyny iň az çäklendirýän ýerli kanunlar hereket edýär. Ýeke-täk bildirilýän talap – ol hem döwlet belgisiniň we ätiýaçlandyryş resminamasynyň bolmagydyr. Şol bir wagtyň özünde-de, ähtimal bolan ýagdaýlar üçin jogapkärçilik awtomatlaşdyrylan ulagy öndürijiniň üstüne ýüklenýär.
Taslamanyň möhüm düzüm bölekleri, şol sanda awtoulag parkynyň ululygy, müşderileriň hyzmata elýeterliligi we awtoulagyň ulanyljak modelleri häzirlikçe näbelli bolup galýar. Kompaniýa hyzmatyň işe başlamagyna golaýlan wagtynda jikme-jiklikleri aýan etjekdigini wada berýär.
Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»