Türkmenistanly awtorlaryň taslamalary halkara ekobäsleşikde sylaga mynasyp boldy
12 Fewral
Türkmenistanly awtorlaryň taslamalary halkara ekobäsleşikde sylaga mynasyp boldy

7-nji fewralda Moskwa şäherindäki Alymlaryň merkezi öýünde Rusisýa Federasiýasynyň Tebigy ylymlar akademiýasy tarapyndan geçirilen «ЭкоМир-2024» («EkoDünýä-2024») atly halkara ekologiýa bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Bu barada Rusisýa Federasiýasynyň Tebigy ylymlar akademiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Şu gezekki bäsleşikde Türkmenistandan üç taslama eminler tarapyndan ykrar edildi. Hususan-da, «Duzly suwdan elektrik energiýasyny öndürmegiň innowasion usuly» we «Fandomat» atly plastik galyndylary aýratyn ýygnamak üçin innowasiýa» atly taslamalara halkara daşky gurşaw baýragy gowşuryldy. Şeýle-de çöl meýdanlarynda çägäniň ýeliň täsirinde süýşmegini matematiki hasaplamagyň we ony berkitmegiň usullary baradaky taslama üçünji derejeli laureatlyk diplomyna we bäsleşigiň medalyna mynasyp boldy.

Türkmenistanly awtorlaryň sylaglary Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň wekiline gowşuryldy. Guramaçylar türkmenistanly gatnaşyjylaryň işlerinde gozgalýan ylmy meseleleriň ýerliklidigini, awtorlaryň ýokary bilim başarnyklaryna we döredijilikli çemeleşmä eýediklerini aýratyn bellediler.

Ýeri gelende bellesek, «ЭкоМир-2024» atly halkara ekologiýa bäsleşigine 23 döwletden 150-den gowrak taslama gatnaşypdyr.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem