«Transmaş» täze ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulagy üçin berlen patentini görkezdi
12 Fewral 2025
«Transmaş» täze ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulagy üçin berlen patentini görkezdi

Nižniý Nowgorod şäheriniň «Transmaş» kompaniýasy täze ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulagyny işläp taýýarlady, onuň patent suratlary Senagat eýeçiligi federal institutynyň maglumatlar bazasyna girmek bilen, görüp bolýar – diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Awtoulag eýýäm barlagdan geçen ZMZ Pro hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylyp, ol, adatça, UAZ kysymly ulaglaryň hataryndan çykýanlarda gowy tanalýar. Şeýle hem bu ulag kyn päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin uly klirensi üpjün edýän «IžTeh» önümçiliginiň ýörite portal most gurluşlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýolsuz ýerden ýöreýän awtoulagyň gurluşy ýumşak ýokarysy we öňe tarap açylýan kapot gurluşly dört gapyly kuzowdan ybarat. Iň ýokary derejeli geçirijilik ukyby üçin ulag öňki we yzky lebýodkalar, şnorkel arkaly howa kabul ediş ulgamy we häzirki zaman LED çyralary bilen enjamlaşdyrylandyr. Ulagyň alynky aýnasynyň açylýan gözenegi onuň goşmaça goragyny üpjün edýär. «Transmaş» kompaniýasynyň resmi saýtynda täze ulag entek goýulmandyr.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»