Täze LCV awtoulaglaryň Russiýadaky bazary ýanwarda 7% ösdi
13 Fewral 2025
Täze LCV awtoulaglaryň Russiýadaky bazary ýanwarda 7% ösdi

2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň jemlerine görä, Russiýada 6 müňden gowrak täze ýeňil täjirçilik ulaglary (LCV) satylypdyr. Bu geçen ýylyň şu aýy bilen deňeşdirilende 7% köpdür. Bu maglumatlary «AWTOSTAT» agentliginiň bilermenleri «АВТОСТАТ Оперативка. Оперативная информация по авторынку России» atly onlaýn ýaýlymda mälim etdiler. LCV awtoulaglaryň bazarynyň seljermesinde agentligiň öz segmentasiýasynyň ulanylýandygyna aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, käbir pikap görnüşli modeller ýeňil awtoulaglaryň segmentine degişlidir.

Şeýle hem bilermenler ýanwar aýyndaky täze LCV awtoulaglaryň bazarynda öňdäki bäş sany kysymy mälim etdiler. Olaryň dördüsi ýerli we biri hytaý kysymydyr. Awtoulagyň iň meşhur kysymy bazaryň ýarysyna (47%) eýe bolup, 2 847 sanysynyň satylmagy bilen, Russiýanyň GAZ ulagydyr. Ikinji orny, ep-esli yza galyp, 1 070 ýeňil täjirçilik ulagynyň satylmagy bilen LADA ulagy eýeleýär. Üçünji orunda duran UAZ awtoulagynyň görkezijisi ýylyň birinji aýynda 801 sany boldy. Ondan soň Sollers (503 sany) awtoulagy gelýär we ilkinji bäşligi Hytaýyň Foton (163 sany) awtoulagy jemleýär.

Model derejesinde täze LCV awtoulaglaryň bazarynda GAZ Gazelle NEXT kysymy öňdebaryjylygyny dowam etdirýär. Onuň ýanwar aýyndaky satylan möçberi 1 509 sany bolup, bu satylan ulaglaryň umumy göwrüminiň dörtden birine barabardyr. Ikinji orunda 641 sanysy satylan LADA Largus furgon kysymy durýar. Öňdäki üç modeliň hataryna Sollers Atlant (425 sany) awtoulagy hem girdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»