2025-nji ýylda Belarus Respublikasynyň awtomobil ýollarynda abadanlaşdyryş işleri geçiriler
14 Fewral
2025-nji ýylda Belarus Respublikasynyň awtomobil ýollarynda abadanlaşdyryş işleri geçiriler

Şu ýyl esasy abadanlaşdyryş işleri Minsk — Witebsk we Gomel — Kobrin awtomobil ýollarynda meýilleşdirilýär, ol ýerde ýollaryň uly bölekleriniň durkunyň täzeleniş işleri başlanar. Belarusda başga haýsy ýollaryň we köprüleriň abadanlaşdyrylmagynyň meýilleşdirilýändigi barada «СБ. Беларусь сегодня» neşirine ýurduň Ulag ministrliginde gürrüň berdiler.

Hususan-da, M-4 Minsk — Mogilýow awtomobil ýolunyň uly böleginiň düýpli abadanlaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu ýerde alnyp barylýan durky täzeleniş işleriniň barşynda sement-betondan edilen örtgi ulanylar.

Ulag ministrliginiň abadanlaşdyrmakçy bolýan köprüleri we ýol geçelgeleri gaty köp. Mysal üçin, M-10 Russiýa serhedinden (Selişçe) — Gomel — Kobrin ýolunda Dnepr derýasynyň üstünden geçýän köprüde, şeýle hem Minsk — Molodeçno — Naroç ýolunda Wiliýa derýasynyň üstünden geçýän köprüde degişli abatlaýyş-dukeldiş işleri geçiriler.

R-2 Stolbsy — Iwasewiçi — Kobrin ýolunda Muhawes derýasynyň üstünden we R-28 Minsk — Molodeçno — Naroç ýolunda Uşa derýasynyň üstünden geçýän köprüler hem abatlanylar. Şeýle hem Bobruýsk — Mozyr — Ukraina serhedi ýolunda Brožka derýasynyň üstünden geçýän köpri we ýurduň dürli künjeklerinde birnäçe demir ýol geçelgeleri täzeden gurlup, abatlanar.

Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, 2021-2025-nji ýyllarda ýurtda 135 km awtomobil ýollarynyň täzeden gurulmagy meýilleşdirilýär. Olaryň 50%-e golaýy sement-beton örtgüli ýollar bolar. Indiki bäş ýylda bolsa ýollaryň abatlanmagynda we gurluşygynda sement-beton örtüginiň paýy 80%-e ýetiriler.

Ýakynda Belarusda 2025-nji ýyl üçin döwlet maýa goýum maksatnamasy kabul edildi. Oňa goýlan 2,207 mlrd rubl serişdäniň bir bölegi ýollaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem