Alymlar awtoulagyň herekete gözegçilik ediji ulgamynyň ýol hadysalarynyň howpuny ýokarlandyrýandygyny anykladylar
14 Fewral
Alymlar awtoulagyň herekete gözegçilik ediji ulgamynyň ýol hadysalarynyň howpuny ýokarlandyrýandygyny anykladylar

«Science Direct» portalynda çap edilen täze giňişleýin ylmy barlaglar awtoulagyň kömekçi ulgamlarynyň (ADAS) howpsuzlygy baradaky adaty garaýyşyny sorag astynda goýýar. Alymlaryň awtoulagyň 28 sany dürli kömekçi ulgamyny öwrenmekleri garaşylmadyk netijä getirdi: sürüjiniň durmuşyny ýeňilleşdirmäge niýetlenen herekete gözegçilik ediji ulgamy ýoldaky howpsuzlyga iň uly howp döredip biler – diýip, auto.ru saýty ýazýar.

Dünýä derejesinde ýol hadysalarynyň seljermesiniň netijelerine görä, alymlar adaptiw herekete gözegçilik ediji ulgamyň heläkçilik ähtimallygyny 12% ýokarlandyrýandygyny, onuň binýatlaýyn wersiýasynyň bolsa 8% ýokarlandyrýandygyny ýüze çykardylar.

Munuň garşysyna, beýleki käbir sürüjiniň kömek beriji ulgamlary özlerini diňe oňyn tarapdan görkezdi. Iň netijeli bolup çykan ulgamlar - ýol zolagynda saklanmak ulgamy, ol ýol hadysalarynyň howpuny 19,1% peseldýär. Muňa sürüjiniň ýadawlygyna gözegçilik ediji ulgam hem degişlidir, ol heläkçilik ähtimallygyny 14% azaldýar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem