Russiyada täze awtobuslaryň satuwlary ýanwar aýynda 43% azaldy
14 Fewral
Russiyada täze awtobuslaryň satuwlary ýanwar aýynda 43% azaldy

Şu ýylyň birinji aýynda Russiýada 636 sany täze awtobus satyldy – bu 2024-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 43% az. Bu barada «AWTOSTAT» agentliginiň bilermenleri «АВТОСТАТ Оперативка. Оперативная информация по авторынку России» atly onlaýn ýaýlymynda habar berdiler.

Awtoulaglaryň kysymy boýunça reýtinginde öňdebaryjy orun ýerli PAZ brendine degişli bolup, onuň geçen aýdaky paýy ýarym göterime golaý boldy. San taýdan bu 311 satylan awtobusa deňdir. Öňdebaryjydan ep-esli yza galýan ikinji orunda Hytaýyň Yutong (78 sany) awtobusy ýerleşýär. Öňdebaryjy kysymlaryň bäşligine şeýle hem KAVZ (51 sany), KAMAZ (49 sany) we LIAZ (39 sany) awtobuslary girdi.

Model reýtingi barada aýdylanda, ilkinji üçlügi Pawlowskiýniň awtobus zawodynyň önümleri emele getirýär: PAZ 3204 (111 sany), PAZ 3205 (98 sany) we PAZ 4234 (91 sany). Olardan başga-da, TOP-5 sanawyna KAVZ 4238 we LIAZ 5292 awtobus kysymlary girdi (degişlilikde 45 we 39 sany).

Belläp geçmeli zat, awtobus segmenti beýleki segmentlerden tapawutlylykda, bazar meýillerine az bagly bolup durýar. Adatça, Russiýada awtobus parkyny giňeltmek we täzelemek federal maksatnamalaryň çäklerinde alnyp barylýar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem