Gazagystanda suwuk ýa-da gaz görnüşli ýükleri awtoulag bilen daşamagyň bahasy ýanwar aýynda 23% gymmatlady
14 Fewral
Gazagystanda suwuk ýa-da gaz görnüşli ýükleri awtoulag bilen daşamagyň bahasy ýanwar aýynda 23% gymmatlady

Gazagystan Respublikasynyň Strategiki meýilleşdiriş we özgertmeler baradaky agentliginiň Milli statistika býurosynyň habar bermegine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda şäher etegi ugurlary boýunça dürli suwuk ýa-da gaz görnüşli ýükleri awtoulag bilen daşamagyň bahasy 23% ýokarlandy.

«2025-nji ýylyň ýanwar aýynda dürli suwuk ýa-da gaz görnüşli ýükleri awtoulag bilen daşamagyň bahasy 23% gymmatlady» - diýlip, berilýän maglumatda görkezilýär.

Resminamada görkezilişine görä, himiýa we mineral dökünlerini awtoulag bilen daşamagyň bahasy ýanwar aýynda 2,1% ýokarlandy. Umumylykda, awtoulag ýük daşamalarynyň bahasy ýanwar aýynda 0,5%, şäher etegi gatnawlarynyň bahasy bolsa 0,9% ýokarlandy.

Berilýän maglumatlara görä, halkara deňiz ulag gatnawlarynyň bahasy ýanwar aýynda 0,2% ýokarlandy, howa gatnawlarynyň nyrhlary öňki derejesinde galdy, turbageçiriji ulag arkaly daşamalaryň bahasy bolsa ýanwar aýynda 1,6% arzanlady.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem