Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy
15 Fewral
Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurduň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1, gurluşykda 2, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1, söwdada 9,9, oba hojalygynda 4,2 we hyzmatlar ulgamynda 9 göterime deň boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilmegine görä, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,2 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,9 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä 10,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,3 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hem hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2022 – 2028-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigini aýtdy.

«Ykdysadyýetimiziň ösüşine we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlary netijeli peýdalanmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmek möhümdir» diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»

Şeýle hem