Kaliforniýada taryhy Sterling ýük awtoulaglarynyň özboluşly toplumy satuwa çykaryldy
17 Fewral 2025
Kaliforniýada taryhy Sterling ýük awtoulaglarynyň özboluşly toplumy satuwa çykaryldy

Geljek aýda Kaliforniýada Timber Crest Farms kim ýokary söwdasy geçiriler. Onda 1917-nji ýyldan 1956-njy ýyla çenli öndürilen 14 sany seýrek duş gelýän ýük ulaglarynyň toplumy görkeziler. Ulaglaryň köpüsiniň häzirki wagtda ýitip giden Sterling kysymynyň hataryna girýändigi bu toplumyň gymmatyny has-da artdyrýar — diýip, auto.ru saýty habar berýär.

Bu täsin toplumyň eýesi 92 ýaşly Ronald Waltenşpil bolup, ol ömrüniň köp ýyllaryny täjirçilik ulaglaryna bolan höwesine bagyş edipdir. Ol tehnikany dikeltmek boýunça ussat hünärmenleriň toparyny döredipdir. Olaryň kömegi bilen ähli ulaglar, olaryň çykarylanyna gaty köp ýyl bolandygyna garamazdan, işleýän ýagdaýda saklanýar. Käbir nusgalaryň eýesiniň oba hojalyk işlerinde işjeň ulanandygy has-da bellärliklidir.

Köp nusgalar Amerikanyň ýük ulaglary gurluşygynyň ösüşini görkezýän möhüm taryhy artefaktlar bolup durýar. Lotlaryň başlangyç bahalary heniz gizlinlikde saklanýar.

Çeşme: «Awtomobil ulag hyzmaty»